Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.07.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

75199
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 31.07.2014


“Hürriýet” gazeti “17 gezek maglumat berdik emma ýene-de bombaladylar” söz başyly habarynda, Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň düýn ir ertir BMG-nyň Palestinaly bosgunlara kömek düzümi UNRWA-nyň gözegçiligi astyndaky mekdebi bombalandygyny ýazýar.
UNRWA-nyň Baş komisary Pierre Krahenduhlyň Ysraýyly berk tankyt edendigini ýazýan gazet “Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan guralan halkara hukugy basgylaýan hüjümi berk ýazgarýaryn” diýendigini nygatýar.
Gazet Baş komisaryň mekdebiň ýeri hakynda 17 gezek Ysraýylly ýolbaşçylara maglumat berlendigine aýratyn ünsi çekendigini ýatladýar.
“Milliýet” gazeti “Gazanyň ilatynyň 1/8 göterimi öýsüz galdy” söz başyly habarynda 1million 700 müň adamyň ýaşaýan ýeri Gazada Ysraýylyň guraýan harby operasiýasy sebäpli 240 müňe golaý adamyň öýüni terk edendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet howpsuz ýeke-täk ýer hökmünde bilinýän BMG-na degişli mekdepleriň hem Ysraýyl tarapyndan bombalamagyndan soň asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň ýokarlandygyny belleýär.
Gazet palestinaly ýolbaşçylara görä 23 günden bäri dowam edýän hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň 1300-den geçendigini ýatladýar.
Habarda BMG-nyň ýolbaşçylarynyň ýogalanlaryň azyndan 243-niň çagadygyna aýratyn ünsi çekendigini nygtaýar.
“Watan” gazeti “192 ýurda taýar geýim eksporty” söz başyly habarynda Türkiýäniň taýar geýim we konfeksiýa pudagynyň üstümizdäki ýylyň birinji ýarymyndaky eksportynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 12,1 göterim ýokarlandygyny ýazýar.
Gazet Türkiýäniň taýar geýim we konfeksiýa pudagynyň ýylyň birinji ýarymynda 192 ýurda 9,4 milliard dollarlyk önüm eksport edendigini ýatladýar.
Gazet iň köp eksport edilen ýurtlaryň başynda Germaniýanyň gelýändigini belleýär.
“Haber Türk” gazeti “10 milliard dollarlyk ýarmarka” söz başyly habarynda iýun aýynyň 7-29-y aralygynda geçirlen Stambul söwda ýarmarkasy Shopping Festde 10,2 milliard dollarlyk girdeji gazanylandygyny habar berýär.
Şu ýyl girdeji sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23,6 göterim ýokarlandygyny ýazýan gazet, şol döwürde Söwda merkezlerinde edilen söwdanyň mukdarynyň bolsa 29 göterim ýokarlandygyny nygtaýar.
“Akşam” gazeti sport sahypasynda Çempionlar ligasynyň 3-nji alynky seçip alyş tapgyrynyň birinji bäsleşiginde Beşiktaş futbol komandasynyň Gollandiýanyň Feýenoord komandasyny deplasmanda ýeňendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
Gazet futbol komandasynyň Mustafa Pektemek bilen Kerim Freiniň geçiren gollary bilen uly mümkinçilige eýe bolandygyny belleýär.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar