Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.07.2014

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

131533
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 16.07.2014

“Sabah” gazeti “Esasy jogapkari BMG” söz başyly habarynda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň jogapkäriniň BMG-dygyny aýdan Premýer ministr R. T. Erdoganyň “BMG sen näme işe ýaraýaň, parahatçylygy ýola goýmak üçin döredilmediňmi?”diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “Dünýä 20 müň görnüşli önüm satdyk” söz başyly habarynda Türkiýäniň Biržalar we palatalar bileleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglunyň Türkiýäniň soňky 30 ýylda uly öňe gidişlik edendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Gazet Hisarjyklyoglunyň “Şu günki günde 20 müň görnüşli önüm satýan ýurt ýagdaýyna geldik. Syýahatçylary özüne çekýän hem 6-njy ýurt” diýendigini ýatladýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “THÝ-na 4 baýrak” söz başyly habarynda 2014 Skýtrax ýolagçy analiziniň netijelerine görä Türk Howa Ýollarynyň soňky 4 ýyldan bäri “Ýewropanyň iň uly howa ýoly firmasy” hökmünde saýlanandygyny aýan edýär.
Gazet THÝ-nyň şu ýyl hem dünýäniň “İň gowy Bisiness Jlass iýmit hyzmatlary”, “İň gowy Business Jlass ýörite ýolagçy zaly” we “Günorta Ýewropanyň iň gowy howa ýoly firmasy” baýraklaryny alandygyny nygtaýar.
“Watan” gazeti “Türk dik uçarlary Ýewropada” söz başyly habarynda Britaniýanyň Farnborough şäherinde geçirlen halkara awiasia ýarmarkasynda türk inženerleri tarapyndan öndürlen ýerli hüjüm we taktiki gözegçilik dik uçarlary ATAK bilen uçarmansyz howa ulagy ANKA-nyň tanyşdyrlandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Ýapon firmasy Türkiýäni saýlap aldy” söz başyly habarynda Sumitomo iş maşynlary firmalasynyň Türkiýäni sebitdäki merkezi ýagdaýyna getirmegi maksat edinýändigini aýan edýär.
Gazet firmanyň başlygynyň orunbasary Şimadanyň Türkiýede güýçli söwda köprüsini gurjakdyklary we Türkiýäni maşynlarynyň satylýan we paýlanýan merkezi ýagdaýyna getirmegi meýilleşdirýändikleri hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

 

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar