Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny 08.07.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

122021
Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny 08.07.2014

“Ýeni Şafak” gazeti “Muhammediň ganhorlary boýun aldy” söz başyly habarynda palestinaly Muhammed Abu Hudaýryň Gündogar İýerusalimde zamun alynanyp, öldürilmeginden soň tussag edilen 6 şübheliden üç sanysynyň günäsini boýun alandygyny ýazýar. Gazet Ysraýylyň “Haarez” gazetiniň internet saýtynda ýerleşdirilen habarda beýan edilmegine görä Hudaýry öldürendiklerini boýun alan şübhelilere wakanyň bolan ýerinde türgenleşik geçirdilendigini mälim edýär.
“Watan” gazeti “Musulmanlaryň arasyndaky çaknyşyklary bes etmäge synanşarys” söz başyly habarynda Al Žazira teleýaýlymynyň Türkiýäniň Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez bilen geçiren söhbetdeşligine ünsi çekýär. Gazet Mehmet Görmeziň “Üstümizdäki aýyň 17-sinde Ýewropadaky ähli dini edaralar bilen çaknyşygyň dowam edýän ýurtlarynyň ähli alymlaryny çagyrdyk. Çaknyşyklaryň bes edilmegini isleýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Kümüş tilkiniň hoşlaşygy” söz başyly habarynda Gürjistanyň ozalky Prezidenti Eduard Şewardnadzänin 86 ýaşynda aradan çykandygyny mälim edýär. Gazet Şewardnadzäniň birnäçe wagtdan bäri bejergi alandygyny nygtaýar.
“Milliýet” gazeti “Türklere dostlugy bilen tanalýan ýazyjy Mango dünýäden ötdi” söz başyly habarynda, Atatürk barada ýazan biografiýalary bilen tanalýan iňlis taryhçysy we ýazyjy Andrew Mangonyň öňňin 88 ýaşynda dünýeden ötendigini ýazýar. Gazet 1926-njy ýylda Stambulda dünýä inen Mangonyň 1940-njy ýyllarda Brtitaniýanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň metbugat bölüminde işländigini ýatladýar. Gazet BBJ-de 14 ýylyň dowamynda türkçe ýaýlymlaryň ýolbaşçysy bolup işlän Mangonyň hormatly dynç alyşa çykandan soň hem ýygy-ýygydan Türkiýä gelendigini oky köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Pakistandan Türkiýä otly saparlary” söz başyly habarynda 2009-njy ýylda başlan, emma dürli sebäplerden 2011-nji ýylda bes edilen Türkiýe-Pakistan arasyndaky konteýnyr otlylarynyň ýaňadandan gatnawa başlajakdygyny nygtaýar.
“Akşam” gazeti ykdysadyýet sahypasynda “Daşary ýurtly banklaryň gyzyklanmasy dowam eder” söz başyly habarynda İtaliýanyň “UniKredit” bankynyň ýolbaşçysy Federriko Gizzoniniň telelýaýlymlardan birine beren beýanatynda Türkiýä daşary ýurt banklarynyň gyzyklanmasynyň dowam etjekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Gizzoniniň “Türkiýe ösüş ediljek 3-4 ýurtdan biri. Başga daşary ýurtly banklaram Türkiýä geler. Şol çäkde İntenzanyň şahamça açmak islegi bizi begendirdi” diýen sözlerini ýerleşdirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar