Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.06.2014

Gün tertininiň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanşykly habarlar gazetlerde giňişleýin ýer alýar

101233
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 20.06.2014

“Ýeni Şafak” gazeti Premýer ministr R. T. Erdoganyň Awstriýanyň paýtagty Wenada Ýewropaly Türk Demokratlar Bileleşiginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde geçirlen “Wena duşuşygyna” gatnaşandygyny ýazýar.
Gazet on müňlerçe türk raýatyna ýüzlenip çykyş eden Premýer ministr Erdoganyň “Biz şu gün Wena köňüllerde tagt gurmaga geldik. Biz Awstriýada, Germaniýada, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda tejribesi, zähmedi we esasan hem dostlyk we parahatçylyk ýüzlenmeleri bilen iş alyp barýan halkdyrys”diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “İspaniýanyň täze şasy” söz başyly habarynda İspaniýanyň Şasy Huan Karlosyň tagtyny düýn resmi taýdan ogly Filibe tabşyrandygyny aýan edýär.
Gazet İspan Şasy Filip bilen aýaly Letizanyň harby dabaradan soň Madridiň köçelerinde gezelenç edendigini we gyzlary bilen köşgüň balkonyndan halkyn salam berendigini nygtaýar.
“Star” gazeti “ÝB-niň täze energiýa mätaçligi bar” söz başyly habarynda Türkiýäniň Biržalar we Palatalar bileleşiginiň başlygy we “Eurojhambersiň”başlygynyň orunbasary Rifat Hisarjyklygynyň İzmirde geçirlen Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky Bilelikdäki sala salşyk komitetiniň 33-nji maslahatynda çykyş edendigini ýazýar.
Gazet ÝB-niň giňelmeginiň bileleşigiň güýjüne güýç goşjakdygyny aýdan Hisarjyklygolunyň “Türkiýe hökmünde üstünliklerimizi ÝB-niň çäginde dowam etdirmek isleýäris”diýen sözlerine ýer berýär.
“Haber Türk” gazeti “Bursa täze maýa goýum” söz başyly habarynda Türkiýede Oýak topary bilen birlikde önüm öndürýän Renault firmasynyň başlygynyň orunbasary Stollyň firmanyň dünýädäki esasy önümçilik merkezlerinden biri bolan Bursada Oýak Renault firmasynda öndüriljek modelleriň üstünde işleýändikleri hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.
Gazet Türkiýä guran iş saparynyň çäginde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Stollyň “Renaultyň kämilleşdiren tapawutly modelleri bar we käbiri Türkiýede satylar we öndürler”diýen sözlerini ýatladýar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar