Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

89030
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.06.2014

“Ýeni Şafak” gazeti Türkiýe bilen Eýranyň gatnaşyklarynda täze sahypanyň açylandygyny nygtaýar. Gazet Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaninin Prezident Abdulla Gül we Premýer ministr R.T.Erdogan bilen duşuşandygyny ýazýar. Habarda Prezident Gülüň taryhy saparyň eýe bolan ähmiýetini nygtandygyny, Ruhaniniň bolsa saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynda uly başlangyç boljakdygyny belläp, sebitdäki durnuksyzlygyň hiç kime bähbit getirmejekdigine ünsi çekendigi okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Gazet söwda mukdarynyň iki esse artdyrylmagyny maksat edinýändiklerini aýdan Ruhaniniň Pars aýlagyny we Umman deňizini Gara deňize we Ortaýer deňzine birikdirjek demir ýoluň çekiljekdigini aýdandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Gauk türk satygçylary bilen duşuşdy” söz başyly habarynda Germaniýanyň Keln şäherinde ýerleşýän we “Kiçi Stambul” atlandyrylýan Keup şaýolunyň 2004-nji ýylyň 9-njy iýunynda radikal sag NSU terror guramasy tarapyndan guralan bombaly hüjümiň guralan gününde abraýly myhmany kabul edendigini nygtaýar. Gazet Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gaukyň partlamada iş ýerlerine zeper ýeten türk satygçylary bilen duşuşyp, şaýolunyň ugrundaky restoranda nahar iýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet “Hüjümden soň ýurdy terk etmändigiňiz üçin size minnetdar” diýen Gaukyň saparynyň nemes netbugatynda giň seslenme dördendigini nygtaýar.
“Watan” gazeti “Çarhlar rekorda tarap aýlandy” söz başyly habarynda ykdysady ösüşiň esasy görkezijisi bolan senagat önümçiliginiň aprel aýynda 4,6 göterim artyş bilen garaşylýanyndan has ýokary bolandygyny belleýär. Gazet eksport bilen ykdysady önümçilik indeksiniň 121 göterim bilen taryhynyň iň ýokary çägine ýetendigini ýazýar.
“Akşam” gazeti “THÝ 15 islegi anyklady” söz başyly habarnda Türk howaýollarynyň Amerikanyň “Boeing” firmasyna bildirilen 15 sany B737-8 MAX uçaryny almak barasynda doly netijä gelendigini mälim edýär. Gazet Türk howaýollary tarapyndan berilen beýanatda uçarlaryň 2020-nji ýylda kabul edilip alynjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “ATAK wagty” söz başyly habarynda Türkiýäniň ýerli hüjüm dik uçary “ATAK-yň” Türk ýaragly ýaragly güýçlerine tabşyrylandygyna ünsi çekýär. Gazet çaknyşyklarda ýakyn goldaw üçinn peýdalanyljak dik uçaryň öz tipi boýunça iň gowusy hökmünde ykrar edilýändigini nygtaýar. Habarda “ATAK-da” 2 sany stinger roketasy bilen birlikde milli şertlerde öndürilen 8 sany anti-tank roketasy “Myzrak”, 12 sany gönükdirmeli jirit roketasynyň boljakdygy mälim edilýär.
“Sabah” gazetiniň sport sahypasynda Dünýä kubogyna gatnaşýan 32 ýurduň türgenleşdirijilerinden 4 sanysynyň Türkiýäni ýakyndan tanaýandyklaryna ünsi çekýär. Habarda Del Boskueniň Beşiktaşda, Lowyň Fenerbahçede, Halilhodziçiň Trabzonsporda, Susijiň bolsa 5 sany türk sport klubynda işländikleri okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar