Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

87548
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.06.2014

“Sabah” gazeti “Eksportyň iň gowy müşderisi Germaniýa” söz başyly habarynda Türkiýäniň iň köp eksport edýän ýurdunyň Germaniýadygyny nygtaýar. Habarda “Uludag Otomotiw Endusti” eksportçylary bileleşiginiň görkezijilerine görä maý aýynda Germaniýa edilen eksportyň 46 göterim artyp 358 million dollara ýetendigi mälim edilýär. Gazet ýylyň 5 aýyndaky eksportyň bolsa 30 göterim artyş bilen 1,6 milliard dollara barabar bolandygyna ünsi çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe gazanar” söz başyly habarynda Türkiýe Respublikasynyň taryhynda iň esasy taslamasy bolan ýylda 150 million ýolagçy gatnatma mümkinçiligine eýe üçün howa menziliniň gurluşygyna badalga berilmeginiň dünýä metbugatynda giň beýan tapandygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Gazet ägirt uly taslama barasynda “BBJ-niň” “Hökümet Türkiýäni Ýewropanyň transport merkezine öwürmegi maksat edinýär” diýip ýazandygyny mälim edýär. Malaýziýanyň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň awiasiýada halkara geçiş ugurlarynyň üýtgejekdigini nygtandyklaryny ýazýan gazet, “AFP-niň” “Türkiýe gazanar” söz başysyny saýlap alandygyna nygtaýar.
“Star” gazeti “Primiere Wision oktýabr aýynda Stambulda” söz başyly habarynda 30 ýyldan bäri Parižde geçirilýän we türk dokma-trikotaž markalarynyň geljek sezondaky trendleri barasynda gözýetime eýe bolýan sergileriniň başynda durýan “Primiere Wisionyň” indi ýylda iki gezek Stambulda geçiriljekdigini mälim edýär. Gazet “Premiere Wision Stambulyň” ilkinjisiniň üstümizdäki ýylyň 29-31-nji oktýabry aralygynda Stambulda geçiriljekdigini ýazýar.
“Milliýet” gazeti “14 ýurduň lukmanlary Stambulda duşuşdylar” söz başyly habarynda Stambulda dünýäniň 14 ýurduna wekilçilik edilýän we 300-e golaý lukmanyň gatnaşmagyndaky Halkara Newralterapeýa Kongresiniň 5-njisiniň geçirilendigini ýazýar. Gazet Prof.dr. Hüseýin Nazlykulyň ýolbaşçylygynda geçirilen Newroimmunologiýa temaly kongresiň çäginde 140 ylmy çykyşyň we 15 işjeň maslahatyň geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Akşam” gazeti “Şüweleňde türk dili üns merkezine öwrüldi” söz başyly habarynda Germaniýanyň Bawýera ştatyndaky taryhy Freising şäherinde geçirilen Türkiýe-Bawýera ýaz şüweleňinde şäher häkimi Tobias Esşenbaşeriň çykyşynyň bir bölüminde türk dilinde gepländigini ýazýar.
“Watan” gazeti “Oraza bedeni täzeleýär” söz başyly habarynda amerikaly hünärmenleriň pikirine görä 3 gün agyz beklänleriň immunitetleriniň täzelenýändigi bugtalýar. Habarda esasanda garrylyga we rak keselesine baglylykda zeper ýeten immunitete oraza tutmagyň diýseň peýdaly bolandygynyň anyklanandygyna üns çekilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar