Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.06.2014

Dünýäniň we ýurduň gün tertibindäki aktual meseleler gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

85172
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 06.06.2014

“Star” gazeti Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda Türkiýäniň ýer eýeçiliginde Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň 4-nji maslahatynyň Prezident Abdulla Gülüň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilendigini ýazýar.
Gazet Maslahatyn esasy ugrunyň syýahatçylykda pudagynda hyzmatdaşlykdygyny aýdan Prezident Gülüň, “Syýahatçylyk taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlarymyzyň arasynda hem ykdysady hem-de gumanitar taraplary bolan pudak” diýen sözlerini ýerleşdirýär.
“Akşam” gazeti Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirilen “Türki dilli döwletlerin Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahatynda” hyzmatdaşlygyň has-da artdyrylmagynyň maksat edinilendigini nygtaýar. Gazet döwletara utgaşyklygy ýola goýmaküçin bilelikdäki teleýaýlymyň gurulmagy barasynda ylalaşylandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Stambula syýahatçy akýar” söz başyly habarynda Stambula ýylyn ilkinji bäş aýynda 4,2 million syýahatçynyň gelendigini mälim edýär. Gazet Stambulyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginden berilen beýanata laýyklykda Atatürk we Sabiha Gökçen adyndaky howa menzilleri bilen Haýdarpaşa, Pendik we Karaköý deňiz portlaryndan şähere gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 8 göterim artandygy nygtalýar. Habarda howa ýollary bilen gelenleriň sanynyň bolsa geçen ýylyň ýanwar-maý aýlary bilen deňeşdirilende 9 göterim artandygy mälim edilýär.
“Watan” gazeti “Stambully aýakgaby 1 liradan alar” söz başyly habarynda dünýäniň iň uly söwda we şüweleň festiwaly bolan “Stambul Şopping Festiň” ertir dabara bilen açyljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Hoşniýetlilik ilçimiz işe başlady” söz başyly habarynda meşhur aktrisa Tuba Büýüküstüniň UNİSEF-iň Hoşniýetli ilçisi hökmünde ilkinji saparyny Kilis welaýatyna gurandygyny ýazýar. Gazet Büýüküstinin Kilis welaýatynda siriýaly çagalar bilen duşuşandygyny mälim edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar