Täjik-Gyrgyz Serhedi Boýunça Ylalaşyklar Dowam Edýär
Işjeň toparlar, Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň döwlet serhediniň jedeleşikli ýene-de 28,37 kilometri boýunça ylalaşyk gazanyldy.
![Täjik-Gyrgyz Serhedi Boýunça Ylalaşyklar Dowam Edýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/5047/f4d1/f4fd/6607ff24893ac.jpg?time=1722044024)
Gyrgystan bilen Täjigistanyň arasynda serhetleriň jedeleşikli ýene-de 28,37 kilometri boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Gyrgyz hökümetinden berlen beýannama görä, serhetleri kesgitleýiş topary mart aýynyň 24-29-y aralygynda Gyrgyzstanyň Batken şäherinde bir ýere jemlenişdi.
Işjeň toparlar, Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň döwlet serhediniň jedeleşikli ýene-de 28,37 kilometri boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Işjeň toparlaryň maslahatynda degişli teswirnama gol goýulandygy habar berildi.
Işjeň toparlaryň nobatdaky maslahaty Täjigistanda geçirler.
Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň arasyndaky 970 kilometrlik serhediň 503 kilometri meselesinde düşnüşmezlik başdan geçirilýärdi.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/bbe2/a68f/1f21/66a25d4ba023d.jpg?time=1722044025)
Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy
Gyrgyzystanda soňky 6 aýda başdan geçirilen sil apatlarynda 22 adam ýogaldy