Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Resmi Sapar Bilen Türkiýede Bolýar

Aliýew we Azerbaýjanyň döwlet wekiliýeti Türkiýäniň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkim aramgähine bardy.

2104393
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Resmi Sapar Bilen Türkiýede Bolýar

Atatürküň aragähine gül desselerini goýup, ol ýerde hormatly dymyşlyk eden Aliýew, ol ýerdäki ýatlama depderine gol goýdy.

İlham Aliýew ýörite depdere; “Türk dünýäsiniň beýik ogly, ukyply serkerde we ägirt lider Gahryman M.K.Atatürkiň eziz hatyrasyna hormat bilen başegýärin. Beýik öňbaşçy M.K.Atatürk, ýüz ýyl ozal iň ajaýyp eseri bolan Türkiýe Respublikasyny döretmek bilen adyny dünýä taryhynyň sahypalaryna we halkynyň ýüreğine altyn harplar bilen baky ýazdy. Atatürkiň esaslandyran döwletiniň ýeten sepgidini, abadançylygyny, gudratyny we global dünýädäki ornuny görmek doganlyk Azerbaýjanyň prezidenti hökmünde meni aýratyn buýsandyrýar.

Halklarymyzyň iň uly baýlyğy bolan mizemez Azerbaýjan-Türkiýe doganlygy, jebisligini we arkalaşygyny goramak hem-de geljek nesillere sowgat etmek, strategik ýaranlygymyzy ähli taraplaýyn ösdürmek we berçinlemek, iki ýurduň öňünde durýan esasy borçdur. Gahryman Atatürkiň hatyrasy Azerbaýjanyň halkynda baky ýaşar. Ruhuň şat bolsun!” diýip ýazdy.

Soň Prezident R.T.Erdogan Prezidentiň kompleksinde Aliýewi resmi dabara bilen garşylady.

Dabaradan soň ikiçäk duşuşyk geçirýän Erdogan we Aliýew toparara duşuşyga ýolbaşçylyk eder hem-de bilelikde metbugat ýynagyny geçirer.



Degişli Habarlar