Prezident Erdogan, Ilham Aliýewi Saýlawda Gazanan Üstünligi Bilen Gutlady
Erdogan, Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
2099223
![Prezident Erdogan, Ilham Aliýewi Saýlawda Gazanan Üstünligi Bilen Gutlady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/4eed/35e0/f0e0/658821c55e9d4.jpg?time=1722045428)
Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi, ýurdunda düýn geçirlen saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan, Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ilham Aliýewi saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlan Erdogan, saýlawyň netijesiniň Azerbaýjan üçin düşümli bolmagyny diledi.
Azerbaýjanda düýn geçirlen saýlawda 4 million 971 müň saýlawçy ses berdi. Saýlawa bolan gatnaşygyň 76,73 göterimdigi beýan edildi.
Saýlawda sesleriň 92,1 göterimini alan Ilham Aliýew gaýtadan bu wezipä saýlandy.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/bbe2/a68f/1f21/66a25d4ba023d.jpg?time=1722045429)
Gyrgyzystandaky sil apatlarynda soňky 6 aýda 22 adam ýogaldy
Gyrgyzystanda soňky 6 aýda başdan geçirilen sil apatlarynda 22 adam ýogaldy