Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.

2068431
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrleriniň arasynda üçtaraplaýyn maslahat geçirildi.

Onlaýn formatda geçirilen maslahatda üç ýurduň gümrük geçelgelerinden geçýän harytlar we ulaglar boýunça maglumat alyşynyň kadaly ýola goýulmagy boýunça pikir alyşyldy. Maslahatda özara söwda gatnaşygynyň ösdürilmegi maksady bilen üç döwletiň arasynda logistiki hyzmatlaryň ösdürilmegi we gümrük amallarynyň ýeňilleşdirşilmegi barasynda pikir alyşyldy.

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen Döwlet ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn sammitinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hökümetleriniň arsynda Gümrük pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Bilelikdäki geňeş toparynyň döredilmegi hakyndaky ähtnama gol çekişilipdi.



Degişli Habarlar