Azerbaýjanly 3 Müň 413 Adam Ermenistanyň Goýan Minalary Sebäpli Ýogaldy

Hajyýew, Ermenistanyň goýan minalary sebäpli çekilen adam pidalary hakynda maglumat berdi.

2056530
Azerbaýjanly 3 Müň 413 Adam Ermenistanyň Goýan Minalary Sebäpli Ýogaldy

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajyýew, 1991-nji ýyldan bäri azerbaýjanly 3 müň 413 adamyň Ermenistanyň goýan minalary sebäpli ýogalandygyny aýtdy.

Hajyýew, sosial mediadan beren habarnamasynda, Ermenistanyň basyp alyşlyk döwründe we II Garabag söweşinden soň Azerbaýjanda goýan minalary sebäpli çekilen adam pidalary hakynda maglumat berdi.

II Garabag söweşinden ýagny 2020-njy ýylyň 10-njy noýabryndan soň Ermenistanyň goýan minalarynyň ýarylmagy sebäpli azerbaýjanly 65 adamyň ýogalandygyny aýdan Hajyýew, 269 adamyň hem ýarlanandygyny belledi.

Ýogalanlardan 50 adamyň asuda ilat, 15-niň esgerdigini aýdan Hajyýew, 1991-nji ýyldan bäri azerbaýjanly 3 müň 413 adamyň hem Ermenistanyň goýan minalary sebäpli ýogalandygyny ýatlatdy.


Etiketkalar: #mina , #Ermenistan , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar