Täjigistanda Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Sebäpli 13 Adam Ýogaldy

Prezident Emomali Rahman ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi

2030021
Täjigistanda Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Sebäpli 13 Adam Ýogaldy

Aşa köp ýagýan ýagyşlar Täjigistanda 13 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Täjigistan tarapyndan berlen beýannama görä, düýn aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli Wahdat şäherinde 11, Ruda sebitinde hem 2 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Prezident Emomali Rahmon ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi” diýildi.

Beýannamada, Prezident Rahmonyň, ýurduň Premýer-ministrine we Adatdan daşary ýagdaýlar komitetine apatda ýogalanlaryň hossarlaryna kömek berilmegi we tebigy apata garşy degişli çäreleriň görülmegi üçin görkezme berendigi nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar