Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda serhet boýunça ylalaşyk gazanyldy

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky 970 kilometrlik serhediň jedelleşikli 503 kilometrlik böleginiň 101,9 kilometri boýunça ylalaşşyk gazanyldy

2021778
Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda serhet boýunça ylalaşyk gazanyldy

Gyrgyzystanyň hökümetiniň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä, ýylyň başyndan bäri geçirilen maslahatlarda we şu günki günlerde Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde dowam edýän gepleşiklerde, Gyrgyz-Täjik serhediniň 101,9 kilometrlik bölegi kesgitlendi. 

Gyrgyzystan jedelleşikli serhet zolaklarynda 2021-nji ýylyň 28-30-njy aprel aralygynda bolan çaknyşyklar sebäpli 2021-nji ýylyň 21-nji maýyndan başlap serhet meselesi çözülýänçä çenli Täjigistan bilen arasyndaky gümrük geçelgelerini ýapypdy. 

Iki ýurduň arasyndaky soňky çaknyşyk bolsa geçen ýylyň 14-nji sentýabrynda ýüze çykypdy, iki tarapdan onlarça adam ýogalypdy. 

 



Degişli Habarlar