Numan Kurtulmuş, Ilham Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Mejlisiň Başlygy Kurtulmuş resmi saparynyň özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini belledi.

2010433
Numan Kurtulmuş, Ilham Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Azerbaýjanda saparda bolýan Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş  resmi saparynyň çäginde paýtagt Bakuwda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannama görä, kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen birlikde parlamentara gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etmegine kanagatlanma bildirildi.

Mejlisiň Başlygy Kurtulmuş resmi saparynyň özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini belledi.

Kabul edilşikde, Türki döwletler guramasynyň has-da güýçlendirilmeginiň we TÜRKPA-nyň çäginde özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.



Degişli Habarlar