Türki Döwletleriň Guramasynyň Nobatdan Daşary Sammiti Öz Işine Başlady

Prezident R.T.Erdogan 6-njy fewralda bolan ýer titreme betbagtçylygyndan soň türki dünýäniň ilkinji bolup kömege gelenleriň hatarynda bolandygyny aýtdy.

1960827
Türki Döwletleriň Guramasynyň Nobatdan Daşary Sammiti Öz Işine Başlady

Türki döwletleriň guramasynyň nobatdan daşary Sammiti Prezident R.T.Edoganyň ýolbaşçylygynda öz işine başlady.

“Betbagtçylyk-Adatdan daşary ýagdaýyň dolanşygy we Ynsanperwer kömek” temasy bilen paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde geçirilýän sammite Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Gazagystanyň Prezidneti Kassym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, döwürleýin ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen synçy ýurtlaryn adyndan DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.

Sammitiniň geçirilýän zalynda Prezident Erdogan bilen görüşen liderler, ýadygärlik surat aldyrdylar.

Sammitiň geçirilýän zaly taryhda gurlan 16 türki döwletiniň baýdaklary bilen bezeldi.

Sammitiniň açylyşynda liderlere ýüzlenip çykyş eden Erdogan ýer titreme betbagtçylygyndan soň türki dünýäniň ilkinji bolup kömege gelenleriň hatarynda bolandygyny aýtdy.

Erdogan; “Eziz milletimizi bu goldawyňzy hiç haçan ýatdan çykarmaz” diýdi.

Azerbaýjanyň teklibi bilen weýrançylyklara getiren ýer titremeleri başdan geçiren Türkiýe bilen arkalaşyk üçin guralan sammitde, tebigy betbagçylyklara we onuň netijelerine garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Sammitde aýratynam gün tertibindäki umumy meseleler seljeriler.



Degişli Habarlar