Çawuşoglu Bilen Baýramow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Hataýda düýn agşam bolan ýer titreme hakynda pikir alyşdy.

1949106
Çawuşoglu Bilen Baýramow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Hataýyň Defne etrabynda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, iki kärdeş Hataýda düýn agşam bolan ýer titreme hakynda pikir alyşdy.

Baýramow, Azerbaýjanyň doganlyk ýurt Türkiýä kömek bermäge taýardygyny nygtady.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu ýer titremesinden soňky ýagdaý hakynda kärdeşine giňişleýin maglumat berdi we ozalky ýer titremelerinde zeper ýetirlen käbir binalaryň ýykylandygyny aýtdy.

6-njy fewralda bolan we 11 weýatda uly weýrançylyklar getiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar