“Gara Ýanwar” Gyrgynçylygynda Ýogalanlary Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys

“Bir millet, iki döwlet” hökmünde Azerbaýjanly doganlarymyz bilen arkalaşykly hereket etmäge dowam ederis”

1935781
“Gara Ýanwar” Gyrgynçylygynda Ýogalanlary Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys

Milli Goranmak ministrligi, Azerbaýjanda 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda başdan geçirlen we “Gara ýanwar” hökmünde bilinýän gyrgynçylykda şehit bolanlar hatyralandy.

Ministrlikden berlen beýannamada, “Ýatdan çykarmadyk, çykarmarys. 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda doganlyk Azerbaýjanda başdan geçirlen we “Gara ýanwar” hökmünde bilinýän gyrgynçylykda şehit bolan doganlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys. “Bir millet, iki döwlet” hökmünde Azerbaýjanly doganlarymyz bilen arkalaşykly hereket etmäge dowam ederis” diýildi.

Azerbaýjanda 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Sowet goşunynyň, Bakuda we beýleki welaýatlarda eden gyrgynçylygynda çagalar we zenanlar bilen birlikde azerbaýjanly 147 adam ýogaldy, 744 adam ýaralandy, 400-e golaý adam bolsa saklandy.

 

 



Degişli Habarlar