Gyrgyz-Täjik Serhedinde Çaknyşyk Boldy

Gyrgyzstan-Täjigistanda serhedinde bolan çaknyşykda 1 adamy agyr, 2 gyrgyz serhet goragçysynyň ýaralanandygy habar berildi.

1837277
Gyrgyz-Täjik Serhedinde Çaknyşyk Boldy

Gyrgyzstanyň Milli döwlet howpsuzlyk komitetiniň Serhet gullugynyň metbugat Merkezinden berilen beýannamada, Gyrgyzstan bilen Täjigistan serhet goragçylarynyň arasynda serhet bozulmasy sebäpli çaknyşygyň bolandygy habar berildi.

Çaknyşygyň ýurduň günortasyndaky Batken etrabynyň Bulak-Başy diýilýän ýerinde bolandygy habar berildi.

Gyrgyzstanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýannamada bolsa çaknyşykda 1 sanysy agyr 2 ýaraly esgeriň Batket sebit keselhanasyna getirilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar