Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky uçar saparlary ýaňadandan başlar
Uçar saparlary Azerbaýjanyň Buta Airways howa ýollar kärhanasy tarapyndan amala aşyrylar
1780566
Koronawirus epidemiýasyna garşy görülen öňüni alyş çäreleriniň çäginde togtadylan Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky uçar saparlary ýaňadandan başladylar.
Uçar saparlary 4-nji martda başlar we Azerbaýjanyň Buta Airways howa ýollar kärhanasy tarapyndan amala aşyrylar.
Baku bilen Tähran şäherleriniň arasynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen uçar saparlary hepdede 1 gezek anna güni ýerine ýetiriler.
Degişli Habarlar
Azerbaýjanyň Daşary Işler Ministri Baýramow, Serdar Kylyjy Kabul Etdi
Kabul edilşige Türkiýäniň Azerbaýjandaky ilçisi Jahit Bagjy hem gatnaşdy.