Tokaýew Gazagystanda ýanwar aýynda başdan geçirilen wakalar barada beýanat berdi

Gazagystayň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, geçen aý başdan geçirilen hadysalaryň ýurtdaky ýagdaýy düýbünden üýtgedendigini habar berdi

1775423
Tokaýew Gazagystanda ýanwar aýynda başdan geçirilen wakalar barada beýanat berdi

Gazagystayň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, geçen aý düzülen Alihan Ismailowyň ýolbaşçylyk etmegindäki täze hökümediň ilkinji giňeldilen maslahatyna gatnaşdy. 

Maslahata wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşan Tokaýew: "Ýanwar aýyndaky wakalar Gazagystandaky ýagdaýy düýbünden üýtgetdi" diýip mälim etdi. 

Tokaýew ýurtda bergi içindäki adamlaryň sanynyň artandygyna we takmynan 1 million raýatyň aýlyk girdejileriniň gündelik geçimine ýetmeýändigine ünsleri çekip: "Täze hökümet halkyň durmuş ykdysady ýagadaýlarynyň ýokarladylmagy, inflýasiýanyň peseldilmegi we ilatyň aýlyklaryny artdyrmak bilen wezipelendirildi" diýip habar berdi. 

Daşary ýurtlara bikanun ýollar bilen çykarylan maliýe çeşmeleriniň yzyna getiriljekdigini aýdan Tokaýew: "Hökümede 2 aýda bikanun ýollar bilen daşary ýurtlara çykarylan maliýe çeşmeler bilen ol ýerde alynan baýlyklaryň ýurda yzyna gaýtarylyp getirilmegi üçin teklip taýarlanylmagy barada görkezme berýärin" diýip beýan etdi. 

Gazagystanyň mejlisiniň deputaty Maksat Ramankulow beren beýanatynda, soňky 25 ýylda Gazagystandan daşary ýurtlardaky kärhanalara takmynan 140 bilen 160 milliard dollar pulyň geçirilendigi barada maglumat beripdi. 



Degişli Habarlar