Gazagystanda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Bes Edildi

Gazagystanyň Prokuroturasy wakaryň dowamynda 225 adamyň ýogalandygyny habar beripdi.

1764804
Gazagystanda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Bes Edildi

Gazagystanda 5-nji ýanwarda yglan edilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bes edildi

Ýurtda 19-njy ýanwar ýary gijeden başlap paýtagt Nur-Soltanyň başda durmagynda Almaty şäheri bilen Atyrau, Jambyl, Gyzylorda we Mangustau welaýatlarynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhletiniň gutarmagyndan soň ýurtda adaty durmuş başlady. Günüň belli sagatlarynda goýulan köçä çykma çäklendirmesi bilen köçelerdäki howpsuzlyk çäreleri bes edildi. Şähere gidip-gelmek ýaňadandan erkin boldy.

Prezidentiň Metbugat sekretary Berik Uali halkyň agzybirligi we jebisligi, howpsuzlyk güýçleriniň irginsiz tagallasy bilen Gazagystanda tertip düzgüniň hem-de asudalyň dikeldilendigini beýan etdi.

Gazagystanyň günbatarynda 2-nji ýanwarda suwklandyrylan nebit gazynyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy hem-de ýurtdaky jemgyýetçilik ykdysady şertleriň ýaramazlaşandygy sebäpli başladylan protest aksiýalary ýurduň ozalky paýtagty Almatyda çaknyşyklara öwrülipdi.

5-nji ýanwarda Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew protestlerden hökümetiň jogapkärdigi sebäpli iş başyndan çekilmegini kabul edip, ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edipdi.

Gazagystanyň Prokuroturasy wakaryň dowamynda 225 adamyň ýogalandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar