Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwady 15 esse artdy

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwady 30 ýylda 15 esse artdy

1704836
Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda kuwwady 15 esse artdy

Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministri Bakyt Sultanow, Türkiýe bilen Gazagystanyň söwda ugrundaky gatnaşyklary barada beýanat berdi. 

Bakyt Sultanow, öňümzdäki ýyl iki ýurdyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30-njy ýylyny belläp geçjekdiklerini ýatladyp, iki ýurdyň arasyndaky söwda gatnaşygynyň položitel häsýetdedigini beýan etdi. 

Söwda kuwwadynyň 1990-njy ýyllaryň başynda 200 million dollar bolandygyny aýdan Sultanow: "Iki ýurdyň söwda kuwwady 30 ýylda 15 esse artdy. Häzirki wagtda Türkiýe ýurdumyzyň iň uly 10 söwda hyzmatdaşlarynyň biridir" diýip aýan etdi. 

Sultanow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda söwda kuwwadynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 5,3 göterim artyp, 1 million 788 million dollara ýetendigini mälim etdi. 

Sultanow, umumy maksatlarynyň söwda kuwwadyny gysga möhletde 5 milliard dollara, uzak möhletde bolsa 10 milliard dollara ýetirmekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar