Türkiýe tokaý ýangynlaryna garşy göreşde DKTR-na goldaw berýär

Türkiýäniň Oba hojalyk we tokaý ministrliginiň Tokaý baş müdürligi tarapyndan DKTR-na berilen ýangyn dikuçary hem DKTR-da işlemäge başlady

1670224
Türkiýe tokaý ýangynlaryna garşy göreşde DKTR-na goldaw berýär

Türkiýäniň tokaý ýangynlaryna garşy ulanmak maksady bilen DKTR-na beren 5 öýjükli kamera we gün panelleri kesgitlenen tokaý ýerlerine ýerleşdirildi, bir ýangyn söndüriji dikuçar bolsa ilkinji gezek DKTR-nda ornaşdyryldy.

Türkiýäniň Lefkoşa şäherindäki ilçihananyň Galkynyş we ykdysady hyzmatdaşlyk ofisinden berilen ýazmaça beýanata görä, Türkiýäniň Oba hojalyk we tokaý ministrliginiň Tokaý baş müdürligi tarapyndan tokaý ýangynlaryna garşy ulanmak maksady bilen DKTR-nyň Tokaý edarasyna berilen we 21-nji aprelde Türkiýäniň Lefkoşa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Murat Başçeri tarapyndan DKTR-nyň Oba hojalyk we tebigy çeşmeler ministri Nazyk Çawuşoglyna gowşurylan 5 öýjükli ýangyn gözegçilik kamerasy bilen 2 öýjükli gün paneli, ozal kesgitlenen tokaý meýdanlaryna ýerleşdirildi. 

Öýjükli ýangyn gözegçilik kameralary 3 km uzaklykdaky ody anyklap bilmek aýratynlygyna eýedir. 

Türkiýäniň Oba hojalyk we tokaý ministrliginiň Tokaý baş müdürligi tarapyndan DKTR-na berilen ýangyn dikuçary hem DKTR-da işlemäge başlady. 

Ýangyn söndüriji dikuçary ilkinji wezipesini 26-njy iýunda Serhatköý-Gaýretköý ýaşaýyş ýerleriniň arasynda ýüze çykan ýangyny üstünlikli ýagdaýda söndüripdi. 



Degişli Habarlar