Gazagystanda Sanjym Etdirenlerden Birine Öý Sowgat Ediler
Paýtagt Nur Soltanda koronawirusa garşy sanjymlama kampaniýasyna gatnaşanlardan birine öý sowgat ediler
Nur Soltanyň hakimi Altaý Kulginow beren ýazmaça beýannamasynda Gazagystanda koronawirusyň ýaýraýyşyna görä paýtagtyň gyzyl toparda durýandygyny mälim etdi.
Kulginow, sanjyma garşy köpçülikleýin immunitetiň emele gelmegi üçin şäheriň ilatynyň 60 göteriminin sanjym etdirmelidigine ünsi çekip, giň gerimli sanjymlama kampaniýasyny iş ýüzüne geçirjekdiklerini beýan etdi.
Paýtagtdaky sanjymlama kampaniýasynyň çäginde bije çekme usuly bilen 1 raýata 2 otagly öý jaý sowgat etjekdiklerini beýan eden Kulginow, öý sowgadynyň bije çekilişine iýun aýynyň 25-i bilen awgust aýynyň 31-i aralygynda sanjymyň birinji dozasyny etdiren 18 ýaşyny doldurmadyk raýatlaryň gatnaşyp biljekdigini habar berdi.
Altaý Kulginow bije çekmegiň netijesine görä öý eýesiniň sentýabr aýynyň başynda yglan ediljekdigini aýtdy.
Nur Soltandaky söwda merkezlerinde döredilen sanjymlama nokatlarynda-da sanjym etdiren raýatlara dükanlar we kafeler üçin dürli utuklar berilýär.
Degişli Habarlar
Türkiye bilen Azerbaýjan Harby Türgenleşik Geçirdi
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty hüjüm türgenleşiginiň geçirlendigi nygtaldy.