Ermenistan Azerbaýjanyň Nahçywandaky liniýalaryna hüjüm gurady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1647492
Ermenistan Azerbaýjanyň Nahçywandaky liniýalaryna hüjüm gurady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň goşunynyň Azerbaýjanyň Nahçywandaky ýerlerine od açmagy netijesinde bir azerbaýjanly esgeriň ýaralanandygyny habar berdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, egninden ýaralanan esgeriň hassahana ýatyrylandygy, saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy mälim edildi. 

Iki ýurdyň Nahçywan sebitindäki serhet liniýasynda başdan geçirilen dartgynlykdan Ermenistanyň jogapkärdigi bellenen beýanatda: "Ermenistana öjükdiriji hereketlerden we ýagdaýy dartgynlaşdyryp biljek beýleki hereketlerden uzak durmaga we jogapkärli çemeleşmäge çagyrýarys" diýip bellendi. 



Degişli Habarlar