Prezident Erdogan Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, dünýäniň sezewar bolan üýtgeşmeleriň, Türk Geňeşi ýaly hyzmatdaşlyk guramalarynyň ähmiýetini has hem artdyrandygyny habar berdi

1612213
Prezident Erdogan Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna Stambul şäherindäki Wahdettin köşgünden göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Erdogan maslahatda eden çykyşynda: "Dünýäniň sezewar bolan üýtgeşmeler, Türk Geňeşi ýaly hyzmatdaşlyk guramalarynyň ähmiýetini has hem artdyrdy. 12 ýyllyk möhletde institutsionalizasiýalaşma tapgyryny tamamlan Türk Geňeşiniň halkara at-abraýy hem ýokarydyr. Indi geňeşimizi halkara gurama hökmünde atlandyrmagyň wagtynyň gelendigine ynanýaryn" diýip belledi. 

"Eziz doganym Hormatly Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi, ähli azerbaýjanly doganlarymy Daglyk Garabagdaky ýeňişi bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn" diýip aýdan Erdogan: "Garabagdaky türk taryhy binalarynyň goralmagy we abatlanmagy üçin ähli mümkinçiliklerimiz bilen Azerbaýjanyň ýanynda bolmaga dowam etmegimiz möhümdir. Iň gysga wagtda, ýagny Oraza baýramyndan soň, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen Şuşa şäherini zyýarat etmek bilen, Şuşada ýene-de bir dabara geçirmegi meýilleşdirýäris" diýip habar berdi. 

Kipr meselesiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Ählimiz jemlenişip Kiprdäki türkleri hak eden ýerine getirip biljekdigimize ynanýaryn" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan, Türk Geňeşiniň 8-nji nobatdaky maslahatyny hem koronawirus epidemiýasy bilen bagly ýagdaýlara laýyklykda 12-nji noýabrda Stambulda geçirmegi umyt edýändiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar