Özbegistan Latyn Elipbiýine Geçer

Özbegistan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dolulygyna Latyn elipbiýine geçer

1582480
Özbegistan Latyn Elipbiýine Geçer

Özbegistanyň hökümedi tapgyrlaýyn häsýetde Latyn elipbiýine geçilmegini öz düzüminde jemleýän karary tassyklady. 

Karara laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurtdaky ähli guramalar we edaralaryň işleri we resmi hatlar latyn elipbiýinde amala aşyrylar. 

Mundan başgada ýurtdaky ähli ýaýlym organlary, elektronik media, habar saýtlary, çaphanalar we neşirýatlar latyn elipbiýini ulanarlar. 

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap şahsy resminamalar, daşary ýurtly raýatlaryň ýaşaýyş rugsatnamalary, beýleki resminamalar latyn elipbiýinde taýarlanar, mundan başgada ähli köçeler bilen guramadyr edaralaryň atlary, bannerler we atýazgylar hem latyn elipbiýinde taýarlanar. 

Şol çäkde ýurtda latyn elipbiýli özbek diliniň täze ýazylyş düzgünleri taýarlanyp kabul ediler. 

Özbegistandaky döwlet edaralarynda resminamalar häzirki wagtda hem krillisada taýarlanýardy, ýurtdaky mekdeplerde bolsa latyn elipbiýinde özbekçe kitaplaryň üsti bilen bilim berilýärdi. 

Kirillisa we latyn elipbiýleriniň şol bir wagtda ulanylýan Özbegistanda, 1993-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda latyn elipbiýine geçilmegi bilen bagly kanun kabul edilen mahaly 31 harpdan ybarat bolan elipbiý, 1995-nji ýylda 29 harply täze latyn elipbiýine üýtgedildi. 



Degişli Habarlar