Gazagystanda harsaň sebäpli 1 adam ýogaldy

Gazagystanda harsaň sebäpli 1 syýahatçy ýogaldy

1582540
Gazagystanda harsaň sebäpli 1 adam ýogaldy

Gündogar Gazagystanyň Ridder şäherinde 6 syýahatçynyň garda ýöreýän motosiklleri bilen dagda gezelenç edýän mahallary harsaň başdan geçirildi. 

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, garyň aşagynda galan 1 syýahatçy ýogaldy, 5-si bolsa halas edildi. 

Ýogalan adamyň 1979-njy ýylda dogulandygy mälim edildi. 

Resmiler, Gazagystanyň Almata we Gündogar Gazagystan sebitlerinde harsaň hadysasynyň başdan geçirilip bilinjekdigi barada duýduryş beripdiler. 

Resmiler raýatlaryň ünsli bolmaklary we daglyk sebitlere gitmezlikleri barada çagyryş beripdiler. 



Degişli Habarlar