Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi
Iki lider özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy
Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan, Daglyk Garabag ýeňişiniň sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan diýseň möhümdigini nygtady we Türkiýäniň täze döwürde Azerbaýjana ähli taraplaýyn kömek bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Daglyk Garabagda abatlaýyş we gurluşyk işlerine başlamagyndan hoşaldyklaryny belledi.
Degişli Habarlar
Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler
Bu barasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanyndan beýannama berildi.