Aliýew: "Taryhy eserlerimiz döwlet tarapyndan goralýar" diýdi

Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen sebitlerdäki ähli taryhy eserleri goraýandyklaryny habar berdi

1533438
Aliýew: "Taryhy eserlerimiz döwlet tarapyndan goralýar" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, aýaly Mihriban Aliýewa bilen düýn basyp alyşlykdan azat edilen Agdam şäherine guran saparynda, esasy gurluşy ýumrulman galan taryhy metjidi zyýarat etdi. 

Ilham Aliýew, ol ýerde eden çykyşynda, Agdamyň ýumrulandygyny görmek örän gynandyryjydygyny beýan etdi. 

Söweş günleri özlerine syýasy we ruhy taýdan goldaw beren ýurtlaryň başynda, Tükriýäniň we hut Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gelýändigine ünsleri çeken Aliýew, başgada birnäçe ýurtdan goldaw alandyklaryny mälim etdi. 

Ilham Aliýew, käbir Günbatarly liderleriň, Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan azat eden sebitlerdäki Hristianlaryň mukaddes ýerleriniň näme boljakdygy bilen bagly soraglaryny gün tertibe getirýändiklerini, hem özi bilen geçiren telefon söhbetdeşliklerinde hem-de resmi beýanatlarynda aladalaryny belläp geçýändiklerini aýdyp: "Hiç kimiň, esasan hem Yslamafobik duýgulary bilen beselenen Günbatarly liderleriň aladalanmaklaryna gerek ýok. Yslamyň mukkaddes gymmatlyklaryna ýetirilýän zyýanlary görmediksireýän bolýarlar, hat-da zyýan ýetirýänleriň edýänleriniň dogrudygyny aýdaýarlar. Olaryň bu babatda gürlemäge haklary ýok. Mundan başgada biziň topraklarymyzdaky ähli dini gurluşlar, biziň taryhy gymmatlyklarymyzdyr" diýip nygtady. 

Aliyew: "Metjitleri ýapýanlar bizi mi tankyt etjek? Metjitlere doňuzyň kellesini zyňýanlarmy bize sapak berjekler we aladalaryny bize ýetirjekler? Bize hiç hili alada bildirmegiňize gerek ýok. Ähli taryhy eserlerimiz, döwlet tarapyndan goralýar" diýip habar berdi. 

Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlyk zamanynda Azerbaýjanlylara degişli köp sanda metjidiň ýumurulandygyny, käbirleriniň bolsa doňuz ýatagy hökmünde ulanylandygyny belläp: "Bu ýagdaý näme sebäpli käbir Günbatarly liderileri aladalandyrmady? Onda, metjitleri ýumuryp bilerler, doňuz ýatagyna öwürip bilerler. Onda olar ýaly bolýan bolsa şolar ýaly edip hem aýtsynlar we gitsinlerde öz ýurtlaryndaky meseleleriň aladalaryny etsinler. Hiç kim biziň işlerimize goşulmasyn. Bu ýere özümiz geldik. Ähli bu ýurtlaryň eden tagallalaryna we öjükdiriji hereketlerine garamazdan gan döküp öz topragymyza geldik. Her kim gitsin, öz işi bilen bolsun" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar