Bişkekde Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi

Tussaghadan çykarlan ýurduň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew, Prezident Jeenbekowyň wezipesinden çekilmegini isledi

1506221
Bişkekde Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi

 

Gyrgysyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, umumy saýlawlardan soň protest ýörişleriniň başlamagy sebäpli paýtagt Bişkekde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Tussaghadan çykarlan ýurduň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew, Prezident Jeenbekowyň wezipesinden çekilmegini isledi.

Protest ýörişlerinde tarapdarlary tarapyndan sişenbe güni tussaghanadan çykarlan Atambaýew, Sosýal Demokrat partiýasynyň merkezinde tarapdarlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Häkimiýetiň başynda bolan döwründe goýberen ýalňyşyklyklary sebäpli gyrgyz halkyndan ötünç soran Atambaýew, Prezident Jeenbekowy berk tanky etdi.

Ozalky Prezident Atambaýew, Jeenbekowyň wezipesinden çekilmegini, halkyň jebisliginiň we bitewiliginiň goralyp saklanmagyny talap edýandiklerini belledi.

Atambaýew, tarapdarlary bilen birlikde paýtagt Bişkekdäki Ala-Too meýdanynda jemlenişmek üçin ýörişe geçdi.

Prezident Sooronbaý Jeenbekow hem, protestçylaryň bir ýere jemlenişmeginiň öňüni almak üçin Bişkekde ýerli wagt bilen 20.00-08.00 aralygynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.



Degişli Habarlar