Azerbaýjanyň Goşunynyň Başladan Operasiýasy Dowam Edýär

Azerbaýjanyň Goşunynyň öz topraklaryny azat etmek üçin başladan operasiýasy dowam edýär

1505883
Azerbaýjanyň Goşunynyň Başladan Operasiýasy Dowam Edýär
cebrail azerbaycan bayragi.jpg

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýnden başlap şu gün irdene çenli, front liniýanyň ähli ugurlary boýunça çaknyşyklaryň dowam edendigi habar berildi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň Ermenistanyň goşunyna degişli strategik taýdan möhüm ýerleri nyşana alyp, hereketini dolulygyna çäklendirendigi, Ermenistanyň harby güýçleriniň arasyndaky gözegçiligiň we aragatnaşygyň ýitendigi, toparlaryň arasynda tertipsizligiň başdan geçirilýändigi we esgerleriň köpçülikleýin häsýetde gaçmaga başlandygy aýan edildi. 

Beýanatda düýnden başlap şu gün irdene çenli Ermenistanyň goşunyna degişli köp mukdarda ýarag we ok-däri bilen esgerleri daşaýan ulaglaryň ýok edilendigi, işleýän 1 taňkyň bolsa ele salynandygy beýan edildi. 

Beýleki tarapdan basyp alyşlykdan azat edilen Jebrail welaýatynyň obalarynda Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdamaga başlady. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan paýlaşylan materiallarda, Jebrail welaýatynyň obalarynda Ermenistanyň goşunynyň ulaglaryny taşlap gaçandygyny görüp bolýar. 

Ençeme ýyl dowam eden basyp alyşlyk bilen haraba öwrülen ýaşaýyş ýerlerinde indi azat ediji Azerbaýjanyň esgerleri tarapyndan dikilen baýdaklar pasyrdaýar. 

Beýleki tarapdan Azerbaýjanyň goşuny öz topraklaryny azat etmek üçin başladan operasiýasynda Ermenistanyň goşunyna degişli köp sanda taňky we sowutly ulagy ýok etdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistana degişli taňklaryň we sowutly ulaglarynyň nyşana alynmagyny görkezýän wideo ýazgylary paýlaşdy.

Wideo ýazgylarda hatar bolup duran, hüjüm guramak üçin taýarlykly ýagdaýda garaşdyrylýan taňklaryň we sowutly ulaglaryň hatardan çykarylşyny görüp bolýar. 



Degişli Habarlar