Gazagystan Liwana lukman ugratdy

29 lukman bilen 4 terjimeçiden ybarat topar şu gün Beýruda gitdi

1469367
Gazagystan Liwana lukman ugratdy

 

Gazagystanda Liwanda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan partlama sebäpli Liwana harby lukmanlaryň ugradylandygyny habar berdi.

Gazagystanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Prezident Kasym Jömert Tokaýewiň tabşyrygy boýunja 29 lukman bilen 4 terjimeçiden ybarat toparyň şu gün Liwanyň paýtagty Beýruda gidendigi nygtaldy.

Sişenbe güni Beýrut portunda bolan partalamada 154 adam ýogalypdy, 5 müň adam hem ýaralanypdy.

Partlamada Gazagystanyň Beýurtdaky konsullygyna hem zeper ýetirlipdi, bir gazak diplomady ýaralanypdy.


Etiketkalar: #Liwan , #partlama , #lukman , #Gazagystan

Degişli Habarlar