Gazagystanyň Senadynyň başlygy wezipesine Maulen Aşimbaýew saýlandy
Ýurdyň konstitutsiýasyna görä, Prezident wezipesinden çekilen ýa-da ýogalan halatynda onuň ygtyýary Senadyň başlygyna geçýär
Gazagystanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Kasym Jömert Tokaýewiň kararyna laýyklykda Maulen Aşimbaýewiň Prezidentiň Dolandyryş ulgamy bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesinden senadyň agzalygyna geçirilendigi mälim edildi.
Prezidentiň Metbugat sekretary Berik Uali, Maulen Aşimbaýewiň senadyň agzalarynyň bir agyzdan ses bermegi netijesinde Senadyň başlygy wezipesine saýlanandygyny habar berdi.
Prezident Kasym Jömert Tokaýew, ýurdyň esaslandyryjysy Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewany Senadyň başlygy wezipesinden boşadypdy.
49 ýaşyndaky Maulen Aşimbaýew, Howpsyzlyk Geňeşi sekretarynyň orunbasary, halk deputaty, hökümetiň başyndaky Nur Otan partiýasynyň başlygynyň orunbasary, Wise-prezident wezipelerinde işläpdi.
Ýurdyň konstitutsiýasyna görä, Prezident wezipesinden çekilen ýa-da ýogalan halatynda onuň ygtyýary Senadyň başlygyna geçýär.
Degişli Habarlar
Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler
Bu barasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanyndan beýannama berildi.