DKTR-nyň Prezidentiniň Türkiýe bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirilýär

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop bolsa, Mustafa Akynjynyň beýanatyny “Uly bir taryhy ýalňyşlyk” hökmünde häsýetlendirdi

1355919
DKTR-nyň Prezidentiniň Türkiýe bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirilýär

Wise-prezident Fuat Oktaý, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň Britaniýanyň metbugatyna beren beýanatynda “Türkiýe bilen birleşmek ähtimallygyny elhenç” hökmünde häsýetlendiren beýanatynyň, wezipesine gelişmeýändigini belledi.

Fuat Oktaý, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Islendik pursatda DKTR-nyň ýanynda bolan, hukuklaryny we bähbitlerini goraýan Türkiýe Respublikasy üçin ulanylan sözlerini ýazgarýaryn” diýip belledi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop bolsa, Mustafa Akynjynyň beýanatyny “Uly bir taryhy ýalňyşlyk” hökmünde häsýetlendirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunm DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň beýanatyny ýazgaryp: “Şehitleriň eziz ruhlaryny ynjytjak bular ýaly beýanatlar türk milletiniň gözünde karzyny dolan bir syýasatçynyň şahsy bähbidini alada etmegi hökmünde garalyp biliner” diýip nygtady.

Adalat ministri Abdülhamit Gül, Mustafa Akynjynyň Türkiýä grşy sözleriniň ähli zatdan ozal ata-babalarymyzyň we eziz şehitlerimiziň ruhlaryna ýara salandygyny belledi.

Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli: “Mustafa Akynjy mertebeli we abraýly hereket edip, wezipesinden çekilmegi ýeke täk tamamyz we dilegimiz” diýdi.



Degişli Habarlar