Azerbaýjan Idlibde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi

Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde guran hüjüminde 5 esger bilen 1 adam şehit bolupdy.

1352422
Azerbaýjan Idlibde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi

 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Asada tabynlykdaky güýçleriň ot açmagy sebäpli Idlibde şehit bolan esgerler üçin Milli Goranmak ministri Hulusi Akara we Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Gülere gynanç bildirdi.

Hasanow ýüzlenmesinde “Siriýanyň Idlib şäherinde doganlyk türk goşunynyň ýogalan we ýaralanan esgerlere gynanç bildirýäris” diýdi

Şehit esgerleriň hossarlaryna gynanç bildiren Hasanow, ýaralanan esgerlere hem şypa diledi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde guran hüjüminde 5 esger bilen 1 adam şehit bolupdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar