Ukrainanyň Prezidenti resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy

Özara we toparara gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişildi

1325359
Ukrainanyň Prezidenti resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy
Zelenskiy-Aliyev.jpg

 

Resmi sapar bilen Azerbaýjana baran Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Özara we toparara gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişildi.

Iki lider gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, ukrainaly kärdeşi bilen iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagy maksady bilen durmuşa geçiriljek maýa goýum taslamalary hakynda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Aliýew uzak ýyllardan bäri Ukrainada iş alyp barýan SOKAR firmasynyň şol ýurtdaky maýa goýumlarynyň artdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Ilham Aliýew Ukraina bilen oba hojalyk we syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem Azerbaýjan bilen Ukrainanyň biri-birine goldaw berýändigini we Azerbaýjanyň Ukrainanyň ynamdar dostu we strategik hyzmatdaşydygyny belledi.

Zelenskiý, Ukrainadaky hususylaşdyrma tendrlerine gatnaşmaklary üçin Azerbaýjanly firmalara çagyryş berdi.

Zelenskiý “SOKAR 10 ýyldan bäri Ukrainada uly işleri durmuşa geçirýär. Biz hem nebit-gaz önümçiligi we onuň akdyrylmagy üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Daglyk Garabag meselesi bilen Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän wakalar hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Zelenskiý, iki ýurduň biri-birine ýurtlaryň territorial bitewiliginiň we özbaşdaklygynyň goralmagy üçin goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar