Aziz Sanjara “Altyn Açar we Abraý baýragy” gowşuryldy

DKTR-da saparda bolan alym Sanjar Ýakyn Gündogar uniwersitetiniň esaslandyryjy rektory Suat Günsel bilen duşuşdy

959370
Aziz Sanjara “Altyn Açar we Abraý baýragy” gowşuryldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Ýakyn Gündogar uniwersiteti Nobeliň himiýa baýragynyň eýesi professor Aziz Sanjara “Altyn Açar we Abraý baragyny” gowşurdy

DKTR-da saparda bolan alym Sanjar Ýakyn Gündogar uniwersitetiniň esaslandyryjy rektory Suat Günsel bilen duşuşdy.

Uniwersitetiň Uly kitaphasyna baryp gören Sanjar Innowasiýa we Maglumatlar Tehnologiýalary Merkezi bilen tanyş boldy.

Sanjar ol ýerde sözläň sözünde ylymyň döwletleriň galkynyşy we geljegi taýdan başlangyç faktor bolup durýandygyny nygtap, Kipriň özi üçin aýratyn ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Syýasatçy däldigini nygtan Aziz Sanjar, DKTR-nyň we her bir türküň ýüreginde aýratyn orun tutýandygyny aýtdy.

Soň Ýakyn Gündogar uniwersitetiniň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy dosent İrfan Günsel professor Aziz Sanjara “Altyn Açar we Abraý baragyny” gowşurdy


Etiketkalar: #DKTR , #baýrak , #Nobel baýragy

Degişli Habarlar