Özbegistanda Halkara Yslam Akademiýasy we Hadys Ylmy Mekdebi Açylar

Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen dini we dini bilim ulgamyndaky işleriň ösdürilmegi baradaky karara laýyklykda ýurtda Halkara Yslam Akademiýasy we Hadys Ylmy Mekdebi açylar

953491
Özbegistanda Halkara Yslam Akademiýasy we Hadys Ylmy Mekdebi Açylar

Kararda Daşkent Yslam uniwersitetiniň çäginde Özbegistanyň Halkara Yslam Akademiýasynyň açyljakdygy beýan edilýär. Akademiýada gurhan, hadys, yslam hukugy, akyda, tasawwuf, yslam ykdysady we maliýe, halkara gatnaşyklar bilen birlikde arap, pars, iňlis, rus, urdu we türk dili öwrediler.

Hadys ylmy mekdebinde bolsa gurhan we hadys olmy, hadys ylmynyň kämilleşdirilmegine goşant goşan özbek din alymlarynyň ylmy mirasynyň öwrenilmegi we hadys ylmyny öwreniji alymlaryň taýarlanmagy nazarda tutulýar.

Karar bilen Musulmanlaryň dini edarasynyň çäginde dini, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriň goralmagy hem-de abatlanmagy bilen metjitleriň we dini ylym ojaklarynyň, din alymlarynyň we talyplaryň goldanmagy üçin “wakyf” atly Goldaw gaznasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Ministrler kabineti bir aýyň dowamynda Halkara Yslam Akademiýasynyň we Hadys Ylmy Mekdebiniň açylmagy hem-de olaryň goldanmagy baradaky karary taýarlap, kabul eder.



Degişli Habarlar