Prezident Erdogan gazak kärdeşi Nazarbaýewi Ankara çagyrdy

Prezident R. T. Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

901271
Prezident Erdogan gazak kärdeşi Nazarbaýewi  Ankara çagyrdy

Erdogan bilen Nazarbaýew telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Siriýadaky soňky wakalar bilen birlikde sebitara meseleler barada pikir alyşdy.

Iki lider mundan başgada Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahaty hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan gazak kärdeşi Nazarbaýewi Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň öňümizdäki aýlarda Ankarada geçiriljek maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

 



Degişli Habarlar