Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp medeni çäreler geçirler

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Kaseinow Aksaraýda geçirlen “Edebiýatymyzyň ýerli we milli sesi Taryk Bugra” paneline gatnaşdy

830899
Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp medeni çäreler geçirler

 

Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Prof. Düsen Kaseinow TÜRKSOÝ bilen Anadoly mekdebiniň Türk dünýäsiniň tanymal ýazyjylaryndan biri bolan Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp medeni çäreleriň geçirilmegi üçin taýarlyk görýändigini aýtdy.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Kaseinow Aksaraýda geçirlen “Edebiýatymyzyň ýerli we milli sesi Taryk Bugra” paneline gatnaşdy.

Milli bilim ministriniň orunbasary Orhan Erdemiň, Welaýat häkimi Aýkur Pekmeziň, Gazagystanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abzal Saparbekuly bilen birlikde köp sanly adamyň gatnaşmagynda geçirlen panelde söz sözlän Kaseinow, Türk dünýäsiniň edebi mirasynyň ýaş nesle ýetirilmegi üçin Anadoly mekdebi tarapyndan geçirilýän çäreleriň diýseň peýdalydygyny belledi.

TÜRKSOÝ hakynda hem gysga maglumat beren Kaseinow TÜRKSOÝ hökmünde 2018-nji ýylda 90 ýaşy bellenilip geçiljek meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa bagyşlanyp Anadoly mekdebi bilen birlikde ýörite çäre geçirmegi meýilleşdirýändiklerini nygtady.

Panelde söz sözlän Gazagystanyň ilçisi Abzal Saparbekuli hem Taryk Bugranyň ýazan eserleri bilen diňe türk halkynyň däl eýsem tutuş Türk dünýäsiniň duýgularyny beýan eden edebiýat ilçisidigini aýtdy.



Degişli Habarlar