Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly DKTR-da saparda bolar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda saparda bolar

772537
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly DKTR-da saparda bolar

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Kipr konferensiýasynyň netijesiz tamamlanmagyndan soň Kipr meselesiniň çözülmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşmak üçin şu gün DKTR-na sapar gurajakdygy nygtaldy.

Ministr Çawuşogly Kipriň grek böleginiň geçen hepde Orta ýer deňzinde başladan burawlaýyş işlerini berk tankyt edipdi.

Çawuşogly “Biz Kipr meselesiniň çözülmegi üçin gepleşik geçirýärkäk Kipriň grek böleginiň burawlaýyş işleri üçin sebite gämi getirendigini gördük. Bu Kipriň grek böleginiň çözgüt meselesinde içgin çemeleşmeýändiginiň görkezijisidir” diýipdi.

 



Degişli Habarlar