Aşgabatda Hytaýda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler
Aşgabatda 4-6-njy iýulda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler
Aşgabatda 4-6-njy iýulda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler. Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriljek sergä Hytaýyň elektrik enjamlaryny, gurluşyk materiallaryny, oba hojalyk we gurluşyk tehnikasyny öndürmekde ýöriteleşýän iri kompaniýalary öz işläp taýýarlamalaryny görkezerler.
Hytaý öndürijileri metal hem-de plastika önümlerini, dokma önümlerini we halylary hem-de azyk önümlerini görkezerler.
Şeýle hem sergä HHR-iň nebitgaz we himiýa senagatynda, ulag we logistika, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda ulgamlarynda işleýän hytaý kompaniýalary gatnaşar. (TDH)
Degişli Habarlar
Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler
Bu barasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanyndan beýannama berildi.
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, özara söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.