BMG-niň baş Sekretary Antonio Guterreş Türkmenistana bardy

Orta Aziýa ýurtlaryna sapar guraýan baş Sekretar Guterreş Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Täjigistana guran saparyndan soň Aşgabada bardy

751944
BMG-niň baş Sekretary Antonio Guterreş Türkmenistana bardy
guterres Berdimuhammedov 002.jpg

BMG-niň baş Sekretary Antonio Guterreş Türkmenistana sapary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren ikiçäk duşuşygy bilen başlady.

Türkmenistanyň Lideri Berdimuhamedow we Guterreş türkmen we BMG-niň wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşyga ýolbaşçylyk etdiler.

Toparara duşuşykdan soň Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow we baş Sekretar Guterreş bilelikde beýannama berdiler.

Demokratik guramalaryň ösdürilmegi we goldanmagy, durnukly ösüş, energetika, transport, daşky gurşaw we halkara howpsyzlygy ugurlarynda BMG bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini beýan eden Gurbanguly Berdimuhamedow; “BMG bilen doly we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmek biziň strategik kararymyz” diýdi.

BMG-niň baş Sekretary Antonio Guterreş bolsa Türkmensitanyň BMG-na agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady we “BMG-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ileri tutýan ugurlaryndan biri Orta Aziýada durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi” diýdi.

Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gutereşi sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyşyna çagyrdy



Degişli Habarlar