Ankarada Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlary barada maslahat geçirildi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary

747753
Ankarada Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlary  barada maslahat geçirildi

 

 

2017-nji ýylyň iýun aýynyň 10-da Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ılçihanasy we Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrligi bilen bilelikde Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýarlyklar barada maslahat geçirildi

Maslahata Türkmenistanyň Döwlet sport komitetiniň başlygynyň orunbasary Maksat Nasyrow, Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Abdurrahim Boýnukalyn, halk deputatlary, dürli ýurtlaryň Ankarada işleýän ilçileri, Türkiýe-Türkmenistan Mejlisara Dostluk Toparynyň ýolbaşçysy Metin Gündogdy, jemgyýetçilik guramalaryny wekilleri, Ankarada okaýan Türkmenistanly talyplar we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Maslahaty açan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryna görülýän taýarlyklar barada giňişleýin maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary netijesinde halkyň sporta we beden terbiýesine bolan gyzyklanmasynyň günsaýyn artýandygyny, şäherlerde, etraplarda we obalarda sport desgalarynyň gurlup, ulanmaga berilendigini aýdan I. Amanlyýew, ýurtda V Aziýa oýunlary üçin ähli taýarlyklaryň görülendigini, döwrebap we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen desgalaryň synagdan geçirilendigini aýtdy.

I Amanlyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik öňden görüjiligi bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde Türkmenistanyň halkara derejesindäki sport çärelerine ýer eýeçiligini edip, dünýäde öz mynasyp ornuny eýeländigine ünsleri çekdi.

Soň çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet sport komitetiniň başlygynyň orunbasary Maksat Nasyrow hem Türkmenistanyň, onuň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bilelikde sport we beden terbiýesi boýunça uly üstünlikleriň edilendigini, V Aziýa oýunlaryny Merkezi Aziýada geçirjek ilkinji ýurduň Türkmenistan bolmagynyň hem onuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.

Maksat Nasyrow çykyşynda V Aziýa oýunlary, oňa görülen taýarlyklar, gatnaşyjy ýurtlar, bäsleşikleriň görnüşleri barada-da giňişleýin maglumat berdi.

Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Abdurrahim Boýnukalyn bolsa dosganlyk Türkmenistanda geçiriljek halkara derejesindäki sport çäresiniň tanyşdyrlyş maslahatyny bilelikde geçirmegiň özlerini diýseň buýsandyrýandygyny nygtap, Türkiýäniň sportda gazanan üstünlikleri we durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi.

Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Abdurrahim Boýnukalyn doganlyk ýurt Türkmenistanda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna Türkiýäniň işjeň gatnaşjakdygyny, olimpiýa oýunlaryna görülen taýarlyklaryň dowamynda üstünlikli işleriň durmuşa geçirilmegine türk firmalarynyn işjeň gatnaşandygyny nygtady.

Ministriň orunbasary Boýnukalyn sportyň ýurduň geljegi bolup durýan ýaşlaryň ýetişdirilmegi taýdan hem möhümdigini, özleriniň şol ugra aýratyn uly üns berýändiklerini aýtdy.

Boýnukalyn çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara sagbolsun aýdyp, V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar