Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanda saparda bolar

Beýanatda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul ediljekdigi ýatladyldy

719204
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Özbegistanda saparda bolar

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Mewlüt Çawuşoglynyň aprel aýynyň 25-26-sy aralygynda Özbegistanda saparda boljakdygy habar berildi.

Çawuşoglynyň resmi saparynyň çäginde Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Beýanatda Çawuşoglynyň saparynyň çäginde şeýle hem iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan sebitara we halkara meseleleriň gün tertibine getiriljekdigi bellenildi.

Beýanatda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul ediljekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar