Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi

Türkmenistanda şu gün takmynan 3 million 200 müň saýlawçy ýurduň öňümizdäki 7 ýyl boýunça haýsy döwlet ýolbaşçynyň hökümetiň başynda boljakdygyny kesgitlemek üçin ses berdi

670707
Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi

Türkmenistanyň häzirki Döwlet ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow 8 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilýän saýlawda artyk görülen dalaşgär hökmünde garalýar.

Saýlanan halatynda Berdimuhamedow 3-nji gezek döwletiň başyna geçer.

Häzirki saýlawlar konstitutsiýa üýtgeşme girizileninden soň geçirilen ilkinji saýlawlar.

Türkmenistanda saýlawlar sagat 19:00-da tamamlandy.

Saýlawlaryň netijeleriniň ertir beýan edilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar