Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Berdimuhamedow Berlin şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly çuňňur gynanç bildirdi
634740
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Ýoahim Gauga hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Berlin şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Degişli Habarlar
Ministr Ýaşar Güler Azerbaýjanda saparda bolýar
Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Azerbaýjanda saparda bolýar