DKTR-nyň Premýer ministri Ankarada saparda bolýar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Hüseýin Özgürgün we ýanyndaky wekiliýet Ankara geldi

537925
DKTR-nyň Premýer ministri Ankarada saparda bolýar

DKTR-nyň Premýer ministri Özgürgün Çankaýa köşgünde Binali Ýyldyrym tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Garşylama dabarasynda Wise-premýer Tugrul Türkeş, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy we Tokaýçylyk we suw-hojalyk ministri Weýsel Erdogly bardy.

Dabaradan soň ikiçäk we toparara gepleşikler geçirildi.

Duşuşyklaryň esasy gün tertibi Fetullahçy terror guramasy-Pararlel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy boldy.

Harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň FETÖ/PDÝ terror guramasy DKTR-da Ministrler kabinetiniň mejlisi tarapyndan terror guramalarynyň sanawyna alyndy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym DKTR-na gaçan agdarlyşykçylaryň yzyna tabşyryljakdygyny mälim etdi.

Iki Premýer ministr DKTR-da ýerleşdirilen harby güýçler bilen baglanşykly ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyklardan soň iki Premýer ministr brifing berdiler.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym 15-nji iýulda türk halkynyş dessan ýazandygyny belläp, Prezident R.T. Erdogan başda bolmak bilen hökümetiň we türk halkynyň mert durup harby agdarlyşyk synanyşygyny ortadan aýyryp dünýä demokratiýa taryhyna nusga bolunandygyny nygtady.

Özgürgen hem DKTR-da Fetullahçy terror guramasy-Pararlel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ göz açdyrmajakdyklaryny malim etdi.



Degişli Habarlar